söýgi

  1. Gowy görmeklik, halamaklyk duýgusy, yşk.

    • Şol wagt öz söýgüsine hyýanat eden Mähriniň suraty onuň gözüniň öňüne geldi. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

    • Türkmen halkynyň Keminä bolan söýgüsi örän güýçlüdir. («Edebiýat»)

  2. Bir zat hakynda döreýän isleg, arzuw, meýil.

    • Onuň okuwa bolan söýgüsi gün-günden artýardy.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimsiz ses bilen başlanýan goşulma ýa-da söz goşulyp, ikinji bogundaky dar i çekimlisi gysga aýdylsa, onda ol dodaklandyrylyp ü ýazylýar.

Meselem söýgi - söýgüde, söýgüler, söýgüsi.

söýgi meýi

Söýginiň dady, lezzeti.

  • Söýginiň meýinden sen gana-gana, Her pasylda täze görnüş alarsyň. («Sowet edebiýaty» žurnaly)