söýget

  1. Bir zady berk saklamak üçin direlýän direg, söýeg, daýanç.

    • Ýaş ýigit tirseklerini dyzyna diräp, elleriniň aýasyny eňegine söýget etdi. (B. Pürliýew, Ilkinji gün)

  2. Ýardam, goldaw, kömek.

    • Aljyraňňy arçyna Jumadurdynyň sözi söýget boldy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem söýget - söýgedi.