Gowy görülýän, aşyk bolnan, halanýan, söýülýän.
Öz söýgüsine wepadar, ykraryna berk bir söýgüli tapan bolsaň, meniň ol ara düşmäge hakym ýok. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)
Onuň ýadyna söýgüli aýaly düşýär. («Tokmak» žurnaly)
Gowy görülmeklige mynasyp bolan.
Söýgüli şahyrymyz Magtymgulynyň goşgulary höwes bilen okalýar.