söýünmek işlik

Birinden ýa-da bir zatdan hoşal bolmak, şatlanmak, begenmek, guwanmak.

  • Täze oba ýerimiz örän seleň ýer eken -- diýip söýünýärdi. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar ü çekimlisi düşürilip ýazylýar. Ýöňkeme bilen üýtgände ikinji bogunda ü eşidilen ýerinde ýazylýar.

Meselem söýünmek - söýner, söýnüpdir.