Biriniň söýgüsine mynasyp bolmak, gowy görülmek, isleg-arzuwa duş bolmak, halanmak.
Ýene-de söýersiň hem söýlersiň. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Edil ýaşlykda çaganyň ejesi tarapyndan söýülmegini gowy görşi ýaly, maňa-da bu ýakymlydy. («Sowet Türkmenistany» gazeti)
Däli dälini söýer, molla -- ölüni. (nakyl)
Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar ü çekimlisi düşürilip ýazylýar. Ýöňkeme bilen üýtgände ikinji bogunda ü eşidilen ýerinde ýazylýar.
Meselem söýülmek - söýler, söýlüpdir.