Biri-biriňi söýmek, biri-biriň bilen gowy görüşmek, halaşmak.
Gurt özi bilen dogan dan hem artyk söýşüp gezen ýigidi jan berende horkuldap aglady. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)
Pökgen öz ýanyndan gyzy Baharyň söýşüp nika stolunda ýazylyşany Hoşgeldidir öýdüp pikirlenýärdi. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar ü çekimlisi düşürilip ýazylýar. Ýöňkeme bilen üýtgände ikinji bogunda ü eşidilen ýerinde ýazylýar.
Meselem söýüşmek - söýşer, söýşüpdir.