ruhubelentlik

[ru:hybelentlik]

Döredijilikli ylham, ruhy ýokary göteriliş ýagdaýy.

  • Adamlaryň tozan siňen ýüzlerinde bir hili ýagtylyk gözlerinde bir hili ruhubelentlik oýnaýan ýaly göründi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Halkyň ruhubelentlik çeşmesinden-kuwwat alyp barha joşýardy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Ruhubelentlik bilen özüniň garaja öýünde rahat dynç alýardy. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem ruhubelentlik - ruhubelentligi.