ruhubelent

[ru:hubelent]

Ruhy göterilen, ylhamly, keýpihon.

  • Men at çapylýan aýlawyň öňünde durup, dumly-duşumdaky gözel görnüşleri, ruhubelent, şadyýan adamlary synlaýardym. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem ruhubelent - ruhubelendi.