ruh1 at

[ru:h]

Psihiki ukyp, erk, güýç, düşünje.

Ýazuw düzgüni

Menlik ýöňkemaniň -um, -umyz, senlik ýöňkemäniň -uň, -uňyz goşulmalary goşulýar.

Meselem ruh - ruhum, ruhuň.

ruhdan düşmek

Bir zada bolan ynanjyň gaçmak, moral taýdan güýjüň ýitmek.

  • Meniň pikirimçe, ol ruhdan düşerin öýdüp gorkýardy. (L. N. Tolstoý, Saýlanan eserler)

ruhdan düşürmek

Keýpini gaçyrmak, höwesini gaçyrmak.

ruhuny götermek

Keýpini götermek, gylawlandyrmak.

  • Ýaz aýynyň güni bolany üçin ertiriň örän mylaýym howa adamynyň ruhuny göterýärdi. (B. Gurbanow, Duşuşyk)

ruhy galkynmak

Ruhy göterilmek.

  • Ruhy galkynyp, süňňi ýeňledi. (N. Pomma, Saýlanan eserler)

ruhy göçmek

Keýpi göterilmek.

ruhy öçmek

Ýüzünde gan-pet galmazlyk, ýüzüniň nury gaçmak.

  • Çozha-çozluk bolsa, namartlar gaçar, reňkleri saralyp, ruhlary öçer. (Ata Salyh, Saýlanan eserler)

ruh2 at

[ru:h]

Küşdüň bir figurasynyň ady.

  • Küşdüň ruhuny Ýewropalylar «tura» diýip atlandyrýarlar. («Pioner» žurnaly)

  • Agaçdan ýonup perzi, pil, ruh, şa, at ýasatdylar. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

Ýazuw düzgüni

Menlik ýöňkemaniň -um, -umyz, senlik ýöňkemäniň -uň, -uňyz goşulmalary goşulýar.

Meselem ruh - ruhum, ruhuň.