rugsat at

  1. Bir zat barada alnan ýa-da berlen ygtyýar, hukuk, hak.

    • Git oglum, git, bizden-ä saňa rugsat. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

    • Mugallymyň rugsat bermegi bilen okuwçylar oturdylar. («Tokmak» žurnaly)

  2. Dynç almak üçin gullukdan, işden wagtlaýyn boşaýyş.

    • Şäherlerde we obalarda ýaş ýigitler we gyzlar tarp ýerler özleşdirilýän sowhozlardan rugsada gelenler bilen duşuşýarlar. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

    • Rugsatda bolmak.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem rugsat - rugsady.