reje at

  1. Alamat, nyşan.

    • Ýylyň ýaman rejesi daýhany ruhdan düşürdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Iş alyp barşyň rejesi ýaman däl -- diýip, direktor jogap berdi. («Sowet Türkmenistany» gazeti)

  2. Niýet, hyýal, ýagdaý.

    • O-ho! edip, Baýramow rejäniň geň däldigini aňyp, onuň ýanyndan aýryldy. (H. Ysmaýylow, Powestler)

    • Wüşi kel rejäň geň däldigini aňlady. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)


Duş gelýän formalary
  • rejede
  • rejedi
  • rejeler
  • rejelere
  • rejelerinden
  • rejelerini
  • rejeli
  • rejelilik
  • rejesi
  • rejesinde
  • rejesinden
  • rejesindenem
  • rejesine
  • rejesini
  • rejesiniň
  • rejesiz
  • rejäni
  • rejäniň
  • rejäniňem
  • rejäň