rehimdarlyk

[rehimda:rlyk]

seret rehimlilik

  • Rehimdarlygyň bir çetinden inipsiň gerek. («Görogly» eposy)

  • Biz tebigatyň rehimdarlyklaryna ýaraşyp durup bilmeris, olary tebigatdan gaňryp almak biziň borjumyzdyr. («Sowet Türkmenistany» gazeti)

  • Seriýe daýza nätanyş gyzyň şeýle rehimdarlygyna haýran galdy. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem rehimdarlyk - rehimdarlygy.


Duş gelýän formalary
  • rehimdarlyga
  • rehimdarlygy
  • rehimdarlygyna
  • rehimdarlygyny
  • rehimdarlygynyň
  • rehimdarlygyň
  • rehimdarlygyňdan
  • rehimdarlykda
  • rehimdarlyklaryna