reaksiýa1

Syýasy termin Rewolýusion herekete we her hili progrese garşy göreş etmek ýoly bilen, köne düzgüni dikeltmäge çalyşýan syýasy hökümdarlyk režimi, syýasaty.

  • Öňdebaryjy rus akyldarlary hökümetiň rehimsiz repressiýalaryna garamazdan, reaksiýa garşy göreş alyp barýardylar. (N. W. Gogol, Eserler)

  • Dumly-duşdan hyjuwly şygarlar ýaňlandy: -- Ýok bolsun reaksiýa! Ýok bolsun Ahmedi! (G. Kulyýew, Köpetdagyň Aňyrsynda)

reaksiýa2

Himiýa Jisimler arasyndaky garşylykly himiki aragatnaşyk.

  • Birleşme reaksiýasy.

  • Himiki reaksiýalar.