razylyk

[ra:zy:lyk]

  1. Bir zada razy bolmaklyk, bir pikire goşulmaklyk, makul görüjilik ylalaşyk.

    • Ol barada uçilişçäniň direksiýasyndan razylyk aldy. (H. Ysmaýylow, Powestler)

    • Aşyr, dymmak-razylyk alamaty diýip düşündi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Men oňa razylygym bilen gelýänimi beýan edeýin. («Görogly» eposy)

  2. Göwni hoşluk, minnetdarlyk.

    • Oňat edipsiň! -- diýip, ondan razylygyny bildirýärdi. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem razylyk - razylygy.