razy

[ra:zy]

  1. Bir zada özüniň razylygyny bildirýän, kaýyl bolýan, bir pikire goşulýan, ylalaşýan.

    • Aýby ýok, balam, men razy, gel meni nähili bejerseň bejer. (B. Gurbanow, Duşuşyk)

    • Örän oňat, laboratoriýada işlemäge razymysyňyz? («Sowet Türkmenistanynyň Aýallary» žurnaly)

  2. Göwni jaý, minnetdar, kanagatlanan.

    • Nepes han, men senden razy! (G. Muhtarow, G. Seýitliýew Çopan Ogly)

    • Aman poşçy hemişe özüniň atyny taryplap atyndan razydygyny her sözünde aňladardy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)