rastlamak işlik

[ra:stlamak]

  1. Göwne jaý etmek, anyklamak, aýdyňlaşdyrmak.

  2. Gönülemek, dogrulamak.

    • Mergen şol agaja tarap rastlap atdy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

    • Mawynyň nyşanadan rastlap atan soňky oklary biderek geçmedi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

özüňi rastlamak

seret öz 3

  • Garly özüni rastlandan soň howlynyň derwezesiniň haýsy ugurdadygyny ýagşy takyklap, eýwandan düşüp gitdi. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

  • Dili basylan Wüşi kel özüni çalaja rastlady. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)