raport

Bir zat barada ýokary instansiýa dilden ýa-da ýazuw üsti bilen berilýän resmi doklad, maglumat.

  • Üstünlikden raport berip, ýene öňe gitjekdirin. (Ata Salyh, Saýlanan eserler)

  • Men seniň hakynda polkownige raport iberdim. (L. N. Tolstoý, Saýlanan eserler)

  • Tyçenko harby kada görä elini papagynyň etegine galdyryp, raport berdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Zweno wožatylaryň raportlary kabul edilenden soň, ýygnanyşyk klasda başlandy. («Pioner» žurnaly)

  • Garýagdy raport berenden soň, maýor onuň arkasyna hakdy. (H. Ysmaýylow, Powestler)