rakyp

[raky:p]

  1. Könelişen söz Bäsdeş, duşman.

    • Biziň hak işimiz göwne jaý bolsun, rakybyň çekdigi ahy-waý bolsun. (Nury Annagylyç, Saýlanan eserler)

    • Rakybyň tagna sözleri, Jana dert oldy, dert oldy. («Görogly» eposy)

  2. Göçme manyda Mähirli, rehimli.

    • Bir ýowuzga rakyp duşsa, Çydam eýlär tenler bişse. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem rakyp - rakyby.