raketa

  1. Feýerwerk we harby signallar hökmünde ulanylýan we atylandan soň howada açyk ýagty berýän snarýad.

    • Her haýsysy mündi samolýotyna garaşdylar raketanyň oduna. (Çary Aşyr, Poemalar)

    • Raketalary yzly-yzyna dynman atýarlar. (A. Gowşudow, Eserler)

    • Täze atylan raketalar ýene garaňkylygy böwüsdi. (Mähti Güseýin, Apşeron)

  2. Reaktiw dwigatelli uçulýan apparat.

    • Kosmos raketasy.

    • Ballistik raketa.