rak

Medisina Bedeniň iç ýüzünden we daşyndan dokumalaryň dürli tarapa birsyhly ösüp ýaýraýan howply çişmesi.

  • Rak diýilýän çişlerini öwrenmekde sowet ylmynyň gazanan üstünlikleri uludyr. (A. N. Kabanow, Adamyň Anatomiýasy we Fiziologiýasy)

  • Ol meniň beýnimde ýigrenji rak ýaly damar urup, tä gabra gadam urýançam bile ýaşar. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

Ýazuw düzgüni

Çekimlisi uzyn aýdylýandygy üçin çekimli ses bilen başlanýan goşulma ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem rak - ragym, ragyň.