rahatlyk

[ra:hatlyk]

  1. Doly ümsümlik, parahatlyk, dynçlyk, asudalyk, ynjalylyk.

    • Uzak azaplardan soň rahatlyk, asudalyk döwri başlanýar. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)

  2. Rähnet.

    • Öwrenen ökde hünäriniň üsti bilen hem özi rahatlyk görmek isleýär. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem rahatlyk - rahatlygy.

rahatlygy bozmak

Birine azar bermek, birini ynjalyksyzlandyrmak.

  • Gelip meniň rahatlygym bozýarsyň. (Şekspir, Otello)