rahatlanmak işlik

[ra:hatlanmak]

Rahatlyk tapmak, köşeşmek, ynjalmak, parahatlanmak.

  • Uzak wagtlap rahatlanyp bilmän, artygyň ellerine, hatda çäkmeniniň syýlaryna çenli ogşady. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Bu bagtsyz adamyny diňe uky, ähli nerw sistemasynyň doly rahatlanmagy normal ýagdaýyna gaýtaryp biler. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)

  • Iki ýana dözümli silterleýän maşyn rahatlanmaga maý bermeýärdi. (G. Kulyýew, Köpetdagyň Aňyrsynda)