rahat ra‧hat sypat

[ra:hat]

  1. Ümsümlik, dynçlyk, asudalyk.

    • Rahatdan aýyrýan sesleri eşitmez ýaly şol sesleriň garşysyna perde bolsa bolýarmy? (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

    • Hyradyň horazlary gijäniň rahadyny ikinji gezek bozanlarynda, derwüş Aly gözlerini owkalap, öz öýüne baka çykdy. (Aýbek, Nowaýy)

  2. Parahat, ynjalykly.

    • Ýyllyk azabyň puja çykar gorkusy Aýsoltana rahat uky bermeýärdi. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

    • Nabat özüni rahat saklamaga çalşyp jogap berdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  3. Amatly, oňaýly.

  4. Rähnet.

    • Ýaltanman, ýadaman işledim ýördüm, zähmetini çekdim -- rahadyn gördüm. (Ata Salyh, Saýlanan eserler)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem rahat - rahady.


Duş gelýän formalary
  • rahada
  • rahadrak
  • rahady
  • rahadyndan
  • rahadyny
  • rahadyň
  • rahadyňy
  • rahatdan
  • rahatdy
  • rahatdygyny
  • rahatdyr
  • rahatja
  • rahatlara
  • rahatly
  • rahatlyga
  • rahatlygam
  • rahatlygy
  • rahatlygym
  • rahatlygyna
  • rahatlygyny
  • rahatlygynyň
  • rahatlygyň
  • rahatlygyňy
  • rahatlyk
  • rahatlykda
  • rahatlykdan
  • rahatlylyk
  • rahatsyz
  • rahatsyzlyk