radiopriýomnik

Radio üsti bilen ses we signal kabul edýän gepleşik alnyp eşidilýän apparat.

  • Çopan goşlary radiopriýomnikler bilen üpjün edildi. («Kolhoz Günleri»)

  • Kružogyň kollektiwi hormat haty, radiopriýomnik bilen sylaglandy. («Pioner» žurnaly)

  • Ol radiopriýomnigi gurmaga durdy. (A. Gowşudow, Köpetdagyn eteginde)