radikal1

  1. Matematika Sandan ýa-da algebrik aňlatmadan kök almagy aňladýan alamat.

  2. Himiýa Bir himiki düzümden beýlekä üýtgemän geçýän durnukly atomlar topary.

radikal2

  1. Syýasy termin Aýgytly üzül-kesil hereketleriň garaýyşlaryň tarapdary.

    • Tankytçy radikal çäreleriň geçirilmegini talap etdi.

  2. Radikalizmiň tarapdary.

    • Partiýanyň aýry-aýry edebiýatçylary çepçi radikal intelligensiýanyň metbugatyny peýdalanmaga dyrjaşdylar. («Sowet edebiýaty» žurnaly)