raýdaşlyk

[ra:ýdaşlyk]

Bähbitleriň birligi, bir pikire herekete bolan aktiw duýgudaşlyk.

  • Bolşewikleriň çagyryşy boýunça Baku işçilerine raýdaşlyk alamaty hökmünde Peterburgda 90 müň işçi iş taşlady. (SSSR Taryhy)

  • Iş taşlaýjylara raýdaşlyk etmek üçin, Amsterdamyň beýleki kärhanalarynyň hem ençemesiniň işçileri goşuldylar. («Sowet Türkmenistany» gazeti)

  • 1905-nji ýylyň 13-nji ýanwarynda Rigada Peterburg işçilerine raýdaşlyk alamaty astynda ýüz adam gatnaşan miting boldy. («Mydam Taýýar» gazeti)

  • Halkara proletar raýdaşlygy.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem raýdaşlyk - raýdaşlygy.