raý1

[ra:ý]

  1. Öz akymly hereket, maýdal.

    • Köteliň düýbüne ýetip, öz raýyna aýak aldygyna çapyp, bir başa depäniň üstüne çykdy. (L. N. Tolstoý, Saýlanan eserler)

  2. Göwün, isleg.

    • Ol çagalaryň raýyny ýykmady. («Pioner» žurnaly)

    • Şonda hem ol daş-töweregini ýaltaklap oturanlaryň raýyny gözleýärdi. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

    • Ak patyşanyň raýyna garap, ençe gezek ýüzläp manat berenler kimler? (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  3. Päl, niýet, pikir.

    • Saňa ýar gerek bolsa özüm tapyp bereýin, sen bu raýyňdan gaýt! («Görogly» eposy)

raýy gaýtmak

Göwni ýykylmak, göwni synmak.

raý2

Medisina Özüňden gitmek keseli, beýhuş bolmak, keselli.

  • Ol raý bilen keselländir. («Sowet Türkmenistany» gazeti)