röwşen

  1. Ýagty, nurana, lälezar, parlak.

    • Onuň agzy-da enaýy, röwşen gözleri-de elmydama şeýle şelaýyn. (L. N. Tolstoý, Saýlanan eserler)

  2. Nur, ýagtylyk.

    • Gözümiň röwşeni, depämiň täji. Döwletli döwranym ýene geldiňmi?! («Türkmen halk şahyrana döredijiligi»)

    • Her öýde Aý dogdy, ýagtyldy jaýy, gözüm röwşen tapar gördügim saýy. (N. Pomma, Saýlanan eserler)