pyzmak işlik

El ýa-da aýak bilen batly togalap goýbermek, bat bilen zyňyp goýbermek, bir ýana taşlap goýbermek, iteläp goýbermek.

  • Al, oka! -- diýip, eplengi kagyzy Atabaýewe bakan pyzdy. (B. Kerbabaýew, Nebitdag)

  • Ýatagan ony bir aýagy bilen pyzyp goýberdi. (B. Kerbabaýew, Japbaklar)

  • Jany ýanan jigit ony eliniň tersi bilen pyzyp goýberdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Hümmet wolostnoý olaryň aralaryna düşüp, her eli bilen olaryň her haýsyny bir ýana pyzdy, dazaryldy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)