Şowsuz, bulanyk, harap, weýran, oň däl.
Çapan dost indi seniň işiň pyrryk. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Bir zat emläýseň-ä, senden gowy adam ýok, şony etmedigiň hem işiň pyrryk. («Tokmak» žurnaly)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem pyrryk - pyrrygy.