[pynha:n]
Könelişen söz Gizlin, ýaşaryn, ogryn.
Başlandy gyzykly pynhan gepleşik, gündizine olar edip belleşik. (A. Kekilow, Saýlanan eserler)
Keýgim, hatyň syry gaty pynhan bolmasa, daşyňdan okama hem eşideýin! (N. Pomma, Sebäbini soň bildim)
[pynha:n]
Gizlin, ýaşyryn.
Pynhan köçede aglady, arman senden, näzli. («Türkmen halk şahyrana döredijiligi»)
Onuň oýnaklap duran mekir gara gözleri, näme-de bolsa şonuň ýüreginde basyrylgy pynhan syrlaryň doludygyny duýdurýardy. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)