pyýada

[pyýa:da]

  1. Adam.

    • Bu wagt içki jaýdan çykan ýognas gysga pyýada: -- Salam, ýoldaş maýor! -- diýip oňa elini uzatdy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

    • Uzynak bir arryk pyýada biziň gürrüňimize örän göwünjeň goşuldy. («Tokmak» žurnaly)

  2. Ulaga münmän, öz aýagyň bilen ýöräp ulagsyz.

    • Aýsoltan oňa jogap berende, onuň sesi pyýada ýöräniň ýadaw sesini ýada salman, ýaňyja bag seýline çykan keýpi kök bir adamynyň sesi ýaly ýaňlandy. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

    • Spartagyň pyýada goşuny köp wagtlar Gresiýada ýeňilmez hasaplanypdyr. (Gadymy dünýä taryhy)

    • Dul gözi bilen, aýal alma, pyýada gözi bilen -- at. (nakyl)

  3. Küştüň iň kiçi ähmiýetli çöpüniň ady.