Metaldan ýasalan sowuk ýarag, tyg, gezlik.
Biline kümüş-gyzyl gynly pyçak gysdyrypdyr-da, döwme goşany heýkelleýin başaşak ildiripdir. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Ýarty byçgylary, agzy gädik paltalary, jontuk pyçaklary ýene bir sapy çykyp duran köne çekiçleri bardy. (B. Kerbabaýew, Yhlasa-Myrat)
Kütek pyçak el keser. (nakyl)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem pyçak - pyçagy.
Gynyndan çykaryp pyçak çenemek, eliň pyçakly topulmak.
Sen bize aýtman, Jumadurdy bilen gaçyp gitdiň -- diýip, aýal doganyna pyçak syrypdyr. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)
seret ýürek 1
Onuň bu garaýşy Meňliniň ýüregine pyçak bolup sanjylýardy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)