pursat

  1. Wagt, möhlet, çag, mütdet.

    • Aýsoltan jan, seniň bilen oturyşjakdyryn, gürrüň edişjekdirin weli, iş-alada bilen şoňa-da pursat tapmadyk kişi bolup ýörendirin. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

    • Biziň işimizde agyr pursatlar bolýar. (B. Pürliýew, Ilkinji gün)

  2. Gysga wagt aralygynda bolup geçýän ýagdaý, amatly wagt.

    • Ol pursatdan peýdalanyp, göze dürtme garaňkyda suwdan doly stakany jyňkytdy. («Tokmak» žurnaly)

    • Pursat bir guşdur, elden sypdyrsan, uçar gider, ony gaýdyp tutmak bolmaz. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  3. Maý. Ýagdaý, çem.

    • Pursat tapan mahaly it gaçjak bolup, bar güýji bilen bir tarapa baka özüni oklady. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem pursat - pursady.