pul at

Aluw-satuwda nyrhyň ölçegini aňladýan metal ýa-da kagyz belgi.

  • Ýyldam atlar pul, mata mal baýraklar alýarlar. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

  • Pul boldy -- kül boldy. (nakyl)

Ýazuw düzgüni

Menlik ýöňkemaniň -um, -umyz, senlik ýöňkemäniň -uň, -uňyz goşulmalary goşulýar.

Meselem pul - pulum, puluň.

pula gyzmak

Pula nebsiňi şaglatmak, pula nebsiňi artdyrmak.

  • Pula gyzyp, satma meni mal ýaly. (B. Kerbabaýew, Aýlar)