[pu:kara:]
Barly bolmadyk, ýoksul garyp (adam).
Köpçülik pukaralar bolsa arçynlykdan elli bizar bolup, diňe tomaşaçy hökmünde durdular. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)
Ýer baýlardan alnyp, kileň özümiz ýaly ýersiz batraklara, pukaralara berilýär. (B. Soltannyýazow, Kümüş)
Göçme manyda Biçäre, görgüli.
Ýeri, pukarany munça azara goýup, ondan näme çykdy diýsene?! (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)
Göçme manyda Gepi-gürrüňi ýok, sessiz-üýnsüz, ýuwaş (adam).
Ol örän pukara adam.