[pu:dak]
Ösümligiň, agajyň ownujak şahasy, baldagy, çybyk.
Wüşi kel ýüzüni galdyryp, alma baglarynyň pudaklarynyň arasyndan yşgalaňlaýan güne seretdi. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Ot alan gamşyň ýalny, onuň arasyndaky çygar gyzganyň hem pudaklaryny köýdürjekdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Bir işiň, ylmyň, önümçiligiň aýratyn, özbaşdak bir bölegi, ugry, oblasty.
Täze bäşýyllykda halk hojalygynyň birentek pudaklarynyň öz wezipelerini ýerine ýetirmekleri, bir tarapdan, hut biziň üstünlikli işlemegimize baglydyr. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem pudak - pudagy.