puşman

[puşma:n]

Nädogry edilen işe soňundan edilýän ökünç, ýalňyşlyk bilen bolan işe çekilýän arman, ahmyr.

  • Ertir ýagyrnyňa depilip işden kowlaňda, soňky puşman peýda bermez. (B. Kerbabaýew, Nebitdag)

  • Soňky puşman-özüňe duşman diýseler hem, men gaty ökündim. (N. Pomma, Sebäbini soň bildim)

puşmana getirmek

Toba etdirmek; «aman, aga» diýdirmek, edenine ökündirmek.

  • Aknabat ejäni puşmana getirdiler. (A. Durduýew, Saýlanan eserler)