[pu:ç]
Biderek, boş, ugursyz, hiç zat.
Al gerek bolsa! Onda, mundan öňki sözleriň bary puç-da?! (B. Kerbabaýew, Nebitdag)
Menlik ýöňkemaniň -um, -umyz, senlik ýöňkemäniň -uň, -uňyz goşulmalary goşulýar. Çekimlisi uzyn aýdylýandygy üçin çekimli ses bilen başlanýan goşulma ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem puç - pujum, pujuň.
Biderek bolmak, netijesiz bolmak.
Hany ol wadalar? Bary puç boldumy? (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)
seret puç bolmak puç bolmak
Ýyllyk azabyň puja çykar gorkusy Aýsoltana rahat uky bermeýärdi. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)