poslatmak işlik

Ýüzüni pos bilen örtdürmek, pos baglatmak, zeňletmek.

  • Wagtynda ýag çalman, posladypdyrlar. Görüň muny niçik har edipdirler. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem poslatmak - posladýar, posladar, posladypdyr.