poslamak işlik

Ýüzi pos bilen örtülmek, pos baglamak, pos bolmak, zeňlemek.

  • Azalyň oky ýerinde bolsa-da tutawajy çykypdyr, demri poslapdyr. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Egrem-bugram poslap ýatan turbany, Goýýar eltip gyzgyn oduň üstüne. (Ş. Kekilow, Saýlanan eserler)

  • Gylyç gynynda ýatsa- poslar. (nakyl)

göwün poslamak

seret göwün

  • Emma Artygy ol gorkuzmady, geýiminiň eziljegini ýadyna salmady, gaýta onuň poslan göwnüni açdy, agyr oýlaryny ýeňletdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

gulak poslamak

seret gulak

  • Siz biziň gulagymyzyň poslanyny nireden bildiňiz? (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)