pitik pi‧tik

Pitiklemek üçin başam barmak bilen orta ýa-da süýem barmagyň ujunyň biri-birine direlip gysylan ýa-da gysylyp açylan ýagdaýda urulýan zarba.

  • Meniň ýönekeýje bir pitigim hem ony dünýäniň üstünden bagy üzülip gaçan gallaly ganar ýaly gürpüldeder. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem pitik - pitigi.

pitige mündürmek

Oýnatgy hasaplamak, ýaňsylamak, howp astynda goýmak.

  • Özüniň pitige mündürileninden, meýlis märekesinde masgarabaz hökmünde oýnalýanyndan habary ýokdy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)


Duş gelýän formalary
  • pitige
  • pitigim