Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem pisint - pisindi.
Göwne jaý bolmak, pikire dogry gelmek, maňzyňa oturmak, sulhuň almak, göwnüň karar tapmak.
Ýok, Anton seniň munyň adamyň pisindi oturjak zat däl. (H. Ysmaýylow, Iki atanyň ogly)
Ýigide kapitanyň derrew pisindi oturdy. («Mydam Taýýar» gazeti)
Gülüp duran gyzjagaza meniň pisindim oturdy.
Üns bermezlik, ähmiýet bermezlik, ynam ýetmezlik.
Sary şerigata ynansa-da, hojamyň ýüzleý sözüne pisint etmedi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)