pis

[pi:s]

  1. Bolşy, häsiýeti-gylygy ýaramaz bolan, nejis.

    • Ahyrynda eňse berdi nemesler, gaçmaga ýüz tutdy masgara pisler. (B. Kerbabaýew, Aýlar)

    • Pis pisi-tapar, suw-pesi. (nakyl)

  2. Myrtar, ýaramaz, erbet bolgusyz.

    • Diwaryň ýüzünde birjik-de obraz ýokdy- bu pis alamat! (M. Ý. Dermontow, Biziň zamanymyzyň gahrymany)

  3. Medisina Organizmde pigmentiň azlyk etmegi netijesinde deriniň we saçlaryň hetdenaşa agarmak keseli.

    • Gurt pis keseliň bir musallat diýlip düşünilýändigini aýtdy. (A. Gowşudow, Eserler)

pis açan ýaly

Ala-mula, ala-beder.

pis açmak

Bedeniňi, saçyny ak-ala edýän kesele duş bolmak.

  • Endamy pis açan bir adam bularyň öňünden çykyp, nirä barýanlaryny soraň. (A. Salyh, Saýlanan eserler)