pirim at

Hile, sapalak, aldaw, mekirlik.

  • Mekirlige urdy melgun, täze pirim gurdy melgun. («Mydam taýýar» gazeti)

  • Zähmetkeş köpçüligi ekspluatatorlaryň pirimlerine oňat düşünýärdi. («Edebiýat»)

  • Bularyň hemmesi elliniň hile we pirimleridi. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  • Işanlary we baýlary masgaralaýçy, olaryň din bilen düwlen pirimlerini paş ediji aýdymlar aýdardy. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)