pilek

El degirmeniniň bugdaý guýulýan deşiginiň içinde keseligine ýerleşýän: Un, dänäni kadaly döwmek hem-de ýokarky daşy oka berkitmek üçin hyzmat edýän agaçjyk.

  • «Bir janyň ýerine iki jan bermek bolmaz, ata-babamyzdan galan suwdan bir dakyga, ýerden bir pilek bermeli däldir» diýip, seniň kakaň Nazar dogry aýdan eken. (Çary Aşyr, Göreş)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem pilek - pilegi.