pile

[pi:le]

Ýüpek almak üçin ýörite saklanýan ýüpek gurçugyndan hasyl bolýan önüm.

  • Ýokary pile hasylyny alan ýüpekçiler az däl. («Türkmenistan kommunisti» gazeti)

  • Täjigül tutan gurçugyndan plandan esse ýarym artyk pile aldy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

pile saramak

Ýüpek gurçugyny öz wagty gelende ýüpegini öz daşyna orap başlamak prosesi.

  • Gurçuklar pile saranda, olary ýapmaly diýen nädogry düşünje ýüpekçileriň arasynda dowam edýärdi. (W. Z. Raýenko, Ýüpekçilik boýunça öňde baryjy tejribe)


Duş gelýän formalary
  • pilede
  • pileden
  • piledäki
  • pileleri
  • pilelerinden
  • pilelerini
  • pileli
  • pilesi
  • pilesinden
  • pilesini
  • pilesiniň
  • pilämiz
  • piläni
  • piläniň