pil 1

  1. Zoologiýa Uzyn hortumly we iki sany uzyn gyýakly örän ullakan süýtemdiriji haýwan.

    • Hiç kaçan deň gelmez pil bilen peşe, Garaňkylyk dyza çöker hemişe. (A. Kekilow, Saýlanan eserler)

    • Ol piliň süňkünden ýasalan tesbisini sanap, öçüşen gözlerini güldürip jogap berdi. (G. Kulyýew, Köpetdagyň aňyrsynda)

  2. Küşt tagtasynda diagonal boýunça göçýän mal.

    • Agaçdan ýonup, perzi, pil, ruh, şa, at ýasapdyrlar. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

piliň gulagynda uklamak

seret uklamak

  • Emma men entek piliň gulagynda uklaýan ekenim. (B. Pürliýew, Ilkinji gün)

pil 2

[pi:l]

Ýer depmek ýa-da ýer gazmak üçin ulanylýan, demirden ýasalan ýasy gural.

  • Pil sapyna adatlanan eller ýarap tutmasyny bilmeýärdiler. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Ol mellek ýerinde piliň ýa-da kätmeniň ulusy bilen işläp, uzyn gün arkasy bilen ýapdan suw çekmäge-de ýaltanmazdy. (N. Pomma, Sebäbini soň bildim)


Duş gelýän formalary
  • pilden
  • pildir
  • pile
  • pili
  • pilim
  • pilimi
  • pilin
  • pilinden
  • piline
  • pilinem
  • pilini
  • piliniň
  • piliň
  • piliňem
  • piliňi
  • piliňizi
  • pillem
  • piller
  • pillere
  • pillerem
  • pilleri
  • pillerimizi
  • pillerini
  • pilleriniň
  • pilleriň
  • pilli
  • pilçe