pikirlenmek işlik

Bir zat hakda pikir etmek, bir zada pikiriňi gönükdirmek, oýlanmak, paýhaslanmak.

  • Ol kän pikirlenip durmady. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Onda belki, men hem şol wagtlarda görendirin -- diýip, Sähet hem pikirlenmesini taşlady. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)

  • Ol öz içinden: -- Ýaňky gybatlar eýýäm Gulman arçynyň gulagyna ýetip, ýasawulyny iberipdir-ow! -- diýip pikirlendi. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)