Adamyň akyl ýetiriş ukyby; adamyň obýektiw hakykaty aňda düşünjede şöhlelendiriş prosesiniň derejesi, akyl ýetiriş prosesi.
Pikir aýratyn görnüşde düzülen materiýanyň önümidir. (S. N. Winogradow, A. F. Kuzmin, Logika)
Logikanyň wezipesi: pikiri dogry guramagyň kanunlaryny öwrenmekdir. (S. N. Winogradow, A. F. Kuzmin, Logika)
Bir zada bolan garaýyş, nukdaýnazar, düşünje, ideýa.
Myradyň sözi ejesiniň pikirine dogry ýaly görünse-de, kakasy üçin bolsa ýalňyşdy. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)
Bir zat dogrusynda peýda bolýan hyýal, niýet.
Bu akmajyk Wepanyň kellesine näme pikir geldikä, ýanynda atylan taýýar bugdaý barka, daşy salgy berdi -- diýip pyşyrdaşdylar. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)
Firus barada men öz pikirimi saňa ilki başda aýdypdym. (G. Kulyýew, Köpetdagyň aňyrsynda)
Bir iş, mesele barada belli bir netijä gelmek maksady bilen özara maslahatlaşmak, bir mesele dogrusynda özara biri-biriňe pikiriňi aýtmak.
Öňi bilen oýlanmak, pikir alyşmak, ylaýta-da Nurjanyň oňa nähili garaýanyny bilmek gerek ahyry! («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Oturdylar şadyýana gülüşip, Suratkeşlik hakda pikir alyşyp. (A. Baýmyradow, Söýgi We Mekirlik)
Üns bermek, alada etmek.
Gözel ejäniň hereketlerine Bahardan başga hiç kim pikir bermeýärdi. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Üns berip diňlemek, gulak asmak.
Çuň pikirde bolmak, köp pikir etmek.
seret pikire batmak pikire batmak
Batyr aga belli bir netijä gelip bilmän, ýol boýy pikir derýasyna gark boldy. (N. Pomma, Sebäbini soň bildim)
seret pikire gelmek pikire gelmek
Bu örän gowy adam -- diýip, özüniň ýüreginde pikir öwuürdi. (A. Gowşudow, Eserler)
Bir predmet barada öz pikiriňi aýtmak, pähimlenmek, bir pikir öňe sürmek.
Bir işi etmek üçin öňünden pikirlenip, soňra goýbolsun etmek, pikiriňi, hyýalyny üýtgetmek.
Guzulbaýew öňki pikirinden dönmek islemeýärdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
seret pikire gitmek pikire gitmek
Ol çuň pikire batyp oturdy. («Sowet Edebiýety žurnaly)
seret pikire batmak pikire batmak
Ol uly pikire çümdi.
seret pikire gitmek pikire gitmek
Sähet bolsa özüniň arryk görnüşli ýüzündäki selçeň sakgalyny yzly-yzyna sypalaýardy, Sähetde şeýle hereket hemişe ol bir çuňňur pikire düşen wagtynda peýda bolýardy. (A. Gowşudow, Eserler)
Belli bir karara gelmek, belli bir netijä gelmek.
Men gürleşip göreýin diýen pikire geldim. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Beý, indi bir pikire-hä gelmeli bolar. (A. Gowşudow, Eserler)
Çuň pikir edip, bir zada bar ünsüňi bermek, pikire çümme.
Meret çaýyny içip bolup dikeldi-de, pikire gitdi. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
Ata hem geň galyp pikire gitdi. (N. Pomma, Saýlanan eserler)
Ünjä goýmak, gaýga batyrmak, aladaly ýagdaýa düşürmek.
Elliniň bu gürrüňi Pökgeni pikire saldy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Ünsi başga ýana sowmak.
Paýhaslanyp başlamak, oňat akyl ýetirip başlamak, aýdyň pikirde bolmak.
Hekimil -- mülküň reňki ýene biraz açyldy, pikirleri durlanyp başlady. (M. Irahimow, Ol gün geler)
Bir işi amala aşyrmaklygyň küýüne düşmek, bir işi etmek üçin aladalanmak.
Bir zadyň gamyny iýmek, aladasyny etmek, pikirlenip, bir zat hakda agyry etmek.